“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň Daşary ýury dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä dillerindäki edebiýatlaryň okyjylara ýetirýän täsiri” atly sapagy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “Dünýä dillerindäki edebiýatlaryň okyjylara ýetirýän täsiri” atly sapagy geçirildi. GurnagaTürkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan daşary ýurt dillerinde neşir edilen eserleri bilen şeýle hem dünýä ýurtlarynda çap edilen dürli pudaklara degişli neşirler bilen giňişleýin tanyşdylar. Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň işgärleri tarapyndan bölümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup talyplaryň arasynda tejribe sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda talyplar bölümde alnyp barylýan işler bilen giňişleýin maglumat aldylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.
Ynsanperwer syýasatlary bilen dünýäde dost-doganlyk ýollaryny açýan Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan buýana hem rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dünýä dillerindäki edebiýatlaryň …