Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap derejede bilim almaklary we dynç almaklary üçin örän uly mümkinçilikler we şertler döredilip berilýär. Bu günki günlerde hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göçme kitap sergileri we söhbetdeşlikleri yzygiderli gurnalýar. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň ýaş hünärmenleri tarapyndan “Çeşme” atly dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halk döredijiligine degişli birnäçe kitaplar hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekiler giňden sergilendi. Bu göçme kitap sergisinde giňden sergilenen kitaplar çagalarda örän uly gyzyklanma we täsir galdyrdy. Bu söhbetdeşligiň ahyrynda çagalar özlerine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dünýä dolsun çagalaryň …