Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Çagalary Goramagyň Halkara güni mynasybetli “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çykyş edenler güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary Goramagyň Halkara gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni – jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Biziň türkmen halkymyzda “Bal süýji, baldan bala süýji” diýen ajaýyp nakyl bar. Çagalar hakdaky alada – biziň bagtyýar geljegimiz, aýdyň ertirimiz hakyndaky aladadyr. Çaga – durmuşyň güli. Olar biziň şu günümiz, ertirimiz, geljegimizdir diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Gahryman Serdarymyza belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dünýä dolsun çagalaryň …