“Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de söhbetdeşlik geçirildi.

  Erkana günleriň gujagynda ösüp ulalýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri, şat owazlary bu gün döwletimiziň çar künjeginde ýaňlanýar. Bagtyýar körpeleriň dynç alyş mesgeni bolan gözel Gökdere jülgesi, sözüň doly manysynda, ertekiler dünýäsine çalym edip dur. Gözel gökderäniň “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň  Döwlet  medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Kitap saklamak bölümi we Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde  dynç alyşdaky çagalaryň arasynda Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden kitaphana işgärleri, bu ýerde tomusyň iň gyzgalaňly, şadyýan günlerini başdan geçirýän ýaş nesillere kitap okamagyň gymmatyny, dynç alyş günlerinde gyzykly kitaplary okamalydygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräň dowamynda dynç alyşdaky çagalaryň beren gyzykly sowallaryna peýdaly sorag-jogaplar berildi. Şeýle-de kitaphana hünärmenleriniň “Bagtyýar çagalar - nurana ertirimiz ady bilen guralan kitap sergisi ýaş okyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Çäräniň ahyrynda bolsa işjeň gatnaşanlar hünärmenler hem-de çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dünýä dolsun çagalaryň …

Metbugat gullugy