“Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary” atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere baý taryhy wakalara beslenýär. Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara gatnaşyklar ulgamyny has-da ýokarlandyrmak dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meseleler boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Bu gurnalan kitap sergisinde müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçip gelýän gymmatly hazynamyz bolup durýan,  birnäçe dilde neşir edilen Türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Iňlis, fransuz, pars, türk we başga-da birnäçe dillerde çap edilen türkmen ertekileri dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Türkmen medeniýetini ösdürmekde, dünýä ýaýmakda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dünýä döwletleri bilen …

Metbugat gullugy