Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri (Italiýa)” atly kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Italiýa döwleti bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasynda hem Italiýa döwletiniň taryhy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty baradaky kitaplar ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen edebiýatlar kitaphanamyzyň okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi, olar bu gurnalan kitap sergisinde özleriniň Italiýa döwleti barada gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar şeýle hem dostlukly halkyň däp-dessurlary, taryhy we medeniýeti bilan tanyşdylar.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmage aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dünýä döwletleri (Italiýa)