“Dutaryň owazy,mukamyň syry,Türkmen medeniýeti,türkmen sungaty “atly göçme kitap sergisi.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  “Dutaryň owazy,mukamyň syry,Türkmen medeniýeti,türkmen sungaty “atly göçme  kitap sergisi gurnaldy.Bu göçme sergide türkmeniň Milli  Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan halk saz gurallaryna degişli  ajaýyp kitaplar bilen guraldy. Dabara gatnaşyjylarda bu kitap sergisi uly gyzyklandyrma döretdi we olar özlerine degişli kitaplar bilen tanyşdylar. Şeýle-de özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.

Sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dutaryň owazy,mukamyň syry,Türkmen …

Metbugat gullugy