“Edep-terbiýe-ynsan bezegi”

Image description

Edep-terbiýe-ynsan bezegi”

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Edep-terbiýe-ynsan bezegi”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiziň, gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzyň öwrenilmegine uly üns berilýär.Ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň,däp-dessurlarynyň ylmy esasda öwrenilmegi we sarpalanmagy ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge ,watansöýüjiligi wagyz etmäge ruhlandyrýar.Bu beýik işlerde Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar diýip , uly buýsanç bilen nygtadylar.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy,ýaş nesillerimiziň röwşen geljegi üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Edep-terbiýe-ynsan bezegi”

Metbugat gullugy