“Ekitap we okyjylar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatyrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda “Ekitap we okyjylar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
   Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana we teatr işgärleri “Ekitap” okyjylaryň okamagyna, bilim almagyna, maglumatlary tiz tapmagyna edýän oňaýly täsiri hakynda söhbet etdiler. Teatr ussatlary bolsa “ekitap” ýüklenen Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy,”Döwlet guşy”,”Parahatçylyk sazy,dostluk,doganlyk sazy” atly gymmatly kitaplaryndan şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitaplaryny okyjylara audiokitaplar okap berendikleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. 
   Öz bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sanly kitaphana ulgamydyr. Bu ulgam “Okamak – bereket, ýazmak –kuwwat, döretmek döwletdir” diýen paýhasa eýerýän jemgyýetimiziň kitap okamak medeniýetini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. 
   Elektron kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri aýry-aýry bölümlerde ýerleşdirilen. Şeýle-de okyjylar degişli bölümlerden çeper edebiýatlary, sungat, jemgyýetçilik, tebigy ylymlar we tehnika, dil bilimi, edebiýat, lukmançylyk, taryh, sport, maliýe, ykdysadyýet boýunça kitaplary okap bilerler. Häzirki wagtda Döwlet kitaphanasynda ekitaba ýüklenýän kitaplaryň sany barha artýar. 
  Söhbetdeşlige gatnaşanlar söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ekitap we okyjylar” …

Metbugat gullugy