“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda  “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar Garaşsyzlyk ýyllarynda kitaphanalarda alnyp barylýan işler we Hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Döwlet kitaphanamyz tarapyndan döredilen “Ekitap” atly elektron kitaphanasynyň mümkinçilikleri dogrusynda söhbet etdiler. Sungat ussatlary bolsa teatrlarda goýýan sahna oýunlarynda, döredýän keşplerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden giňden peýdalanýandyklaryny we özlerine Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk-bagtymyz”, ”Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserlerini özleriniň ýakymly owazy bilen sesli okandyklaryny buýsanç bilen belläp geçdiler.

  Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ekitap we okyjylar” …

Metbugat gullugy