Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda  “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde “Ekitap”gov.tm elektron kitaphananyň ähmiýeti dogrusynda, ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň öýlerinde oturan ýerlerinde kompýuter ýa-da  ykjam telefon arkaly saýtda ýerleşdirilen dürli dilde, dürli mowzukdaky kitaplary okap bilýändikleri dogrusynda kitaphana işgärleri gürrüň etdiler. Elektron kitaphana diňe bir ýurdumyzyň kitaphanaçylary däl eýsem, medeniýet we sungat ussatlarynyň hem özleriniň ýakymly owazy bilen sesli kitaplary okap biziň elektron kitaphanamyza öz goşantlaryny goşýandyklary bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr artistleri özleriniň seslendiren eserleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ekitap we okyjylar” …

Metbugat gullugy