“El hünäri-il gezer”.
Türkmen keşdeçilik sungaty özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Keşdeçilik türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden dörän özboluşly sungatdyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “El hünäri-il gezer” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde türkmeniň keşdeçilik sungatynyň taryhy, şu günki günlerimize çenli gelip ýetişi baradaky ýazylan kitaplardaky maglumatlar we goşgular aýdyldy. Bu wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda milli mirasymyzyň şu günki günlerimize gelip ýetmegi ugrunda uly tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny hem-de alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “El hünäri-il gezer”