“El hünäri-il gezer” ady bilen söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

“El hünäri-il gezer” ady bilen söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlar bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 83-nji çagalar bakja-bagynyň körpejeleriň arasynda “El hünäri-il gezer ” ady bilen söhbetdeşlik we göçme kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpeje gyzjagazlara milliligimiz bolan el keşdeleriň her biriniň aňladýan manysyny, nagyşly joraplaryň dokalşyny, şeýle-de älemgoşar reňkli sapaklaryň reňkleriniň boýalyş aýratynlyklaryny birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da kitaphanaçylar körpelere ertekili kitaplary köp okamaklygyň ähmiýetini düşündirip,  ertekileriň gahrymanlarynyň batyrgaýlyk, edermenlik, bir sözlülik ýaly gowy häsiýetlerini özlerine siňdirýändikleri hakynda hem gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeleri sergilenen neşirler bilen tanyş etdiler we birnäçe türkmen halk ertekilerden okap berdiler.                                                                                                Asuda ýurdumyzda çagalaryň bilimden paýly, sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary edýän  Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “El hünäri-il gezer” …

Metbugat gullugy