“Elektron kitaphananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak” we “Sanly ulgam döwri we ylmy-usuly gollanmalary düzmekligiň täze mümkinçilikleri” atly ylmy-usuly okuw sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy-usuly bölümi tarapyndan “Sanly ulgam döwri we ylmy-usuly gollanmalary düzmekligiň täze mümkinçilikleri” hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi tarapyndan “Elektron kitaphananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak” atly ylmy-usuly okuw sapagy geçirildi.
Usuly-okuw sapagyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň bu sanynda Ylmy-usuly hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň ýolbaşçylygynda özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we sorag-jogaply bäsleşik gurnadylar.
Şeýle gyzykly duşuşyklar işgärlerde zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa okuw sapagyna gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Elektron kitaphananyň mümkinçiliklerini …