“Ene-Zeminiň görki” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi “Ene-Zeminiň görki”ady bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara 8-nji mart zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler.
Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ene-Zeminiň görki” atly …