“Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Bu çeper okaýyşda çagalara türkmen halk ertekileri okalyp berildi we körpeleri ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy.
Çagalar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ertekiler dünýäsine syýahat” …