“Eziz Watan – Arkadagly Serdarly, Berkarar Döwletiň geldi Pyragy” atly göçme kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň  Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Eziz Watan – Arkadagly Serdarly,  Berkarar Döwletiň geldi Pyragy” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzyň her  bir güni toý baýramlara beslenýär. Diýarymyzda her ýylda dabaraly bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni  mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Köpetdagy etekläp oturan Aşgabat şäherimizdäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda  “Eziz Watan – Arkadagly Serdarly, Berkarar Döwletiň geldi Pyragy” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary we  dünýäniň akyldary  Magtymguly Pyragy baradaky kitaplar sergimizde öz beýanyny tapdy.  Sergä  gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynda Magtymguly Pyragy barada şeýle diýär:

      Magtymgulynyň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňynda hem-de ýüreginde ýaşaýar. Üç asyr bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir – diýip belläp geçýär.

     Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Eziz Watan – …

Metbugat gullugy