“Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

“Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ygtyýarlandyrylyş we hile gözegçilik merkezinde “Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän neşir önümleri ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjy myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Eziz Watan bedew …

Metbugat gullugy