Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Gadamy batly bedewler” atly kitap sergisi gurnaldy.
Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümünde “Gadamy batly bedewler” ady bilen türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlygy hasaplanýan bedew atlarmyza bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen behişdi bedewlerimiz baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwürlen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň buýsanjy ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagyna galýar. Sergimizde goýulan kitaplar okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi we ahalteke bedewlerimiz barada gerek bolan maglumatlary almaga kömek edýär.
Häzirki wagtda ahalteke bedewlermiziň at-abraýyny has-da belende galdyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny asylly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gadamy batly bedewler” …