Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly eserinden ýazgy edildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi -biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby hakynda ýazgy etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmekde, seýisçilik sungatyny çapyksuwarlary taýýarlamakda ägirt uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, ”Atda wepada-bar, sapada” ”Gadamy batly bedew” atly kitaplaram bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu eserlerde ahalteke atlarynyň türkmen topragynda kemala gelendigi, atçylygyň taryhy, seýisçilik sungaty hakynda maglumatlardyr, rowaýatlar jemlenip, türkmen halky bilen birlikde çapyksuwarlar we seýislere uly gollanma bolup durýar. Ine şular dogrusynda kitaphanaçylar täsirli söhbet etdiler.
Söhbetleriniň soňunda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke …