Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepada-bar, sapa-da” atly eserinden ýazgy edildi

Image description

Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepada-bar, sapa-da” atly eserinden ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepada-bar, sapa-da” atly kitaby hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has belende galdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, ”Atda wepada-bar, sapa-da” ”Gadamy batly bedew” atly kitaplaram bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Teleýazgyda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ”Atda wepada-bar, sapa-da” atly kitabynyň bölümleri dogrusynda, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň gözelligi, at üstündäki oýunlar we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip görenleri haýrana goýuşlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň “Atda …

Metbugat gullugy