Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Watançylyk taglymaty” atly täze kitabynyň many-mazmunyny tanyşdyrmak boýunça kitaphana syny geçirildi

Image description

Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Watançylyk taglymaty” atly täze kitabynyň many-mazmunyny tanyşdyrmak boýunça kitaphana syny geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Halkara Senagatçylar we Telekeçiler  uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly täze kitabynyň many-mazmunyny ýaşlara ýetirmek boýunça kitaphana syny geçirildi. Çykyş edenler: Kitapda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolup durýar diýip belläp geçdiler.Şular dogrusynda we kitaby dost tutunmak hakynda ýaşlara birnäçe maslahatlary hem berdiler. Bu syna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk bähbidi üçin işleýän galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň bize …

Metbugat gullugy