“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri“ hakynda ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çykyş eden hünärmenler bu ajaýyp eserleriň okyjylar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini, islendik ýaşdaky okyjylaryň kitaphanalara gelip uly höwes bilen okaýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Söhbetleriniň soňunda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri“ …