Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň waspy hakynda ýazgy edildi

Image description

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň waspy hakynda ýazgy edildi.

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň waspy hakynda kitaphana işgärleri bilen ýazgy edildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasynyň belentde tutulyp, bedewlerimize goýulýan hormatyň has-da artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke-bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar,sapa-da”atly eserlerinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny, atçylygyň taryhy, seýisçilik sungaty barada maglumatlardyr, rowaýatlar hakynda çykyş etdiler.                                                                                                                                       

Söhbetleriniň soňunda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde …

Metbugat gullugy