Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVIII tomuna syn geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVIII tomuna syn geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy – ensiklopedik kitaplar toplumy, türkmen topragynyň şypaly baýlyklaryny, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgelerini we häzirki zaman fitoterapiýasyny özünde jemleýän örän gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň täze XVIII tomunda “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki sany esasy bölümden ybarat bolup türkmen topragynda, dag-düzlerinde bitýän gymmatly we şypaly dermanlyk otlaryň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda seýrek duş gelýän endemik ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklaryny giňişleýin beýan edilýär. Bu ensiklopediýa diňe bir lukmanlar we dermanşynaslar üçin däl, eýsem ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylmy ensiklopedik iş hökmünde bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara ylmy jemgyýetçiligine uly gyzyklanmasyny döredýär. Çykyş edenler kitaphana  synynyň ahyrynda  ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň iňlis …

Metbugat gullugy