Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”,”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserlerinde milli gymmatlyklarymyz.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserleri dogrusynda döredijilik işgärleri bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden–nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygy, “Ömrümiň manysy” atly eserinde esasy türkmeniň ahlak kadalarynyň we ýörelgeleriň beýan edilýändigi, bu eserleriň her bir işimizde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigi dogrusynda täsirli çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň …