Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyndan birnäçe nakyllar hakynda ýazgy edildi

Image description

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyndan birnäçe nakyllar hakynda ýazgy edildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýazgy edilen “Miras” teleýaýlymynyň “Atalar sözi” gepleşiginde halypa kitaphanaçylar “Watançylyk, agzybirlik, döwletlilik” hakyndaky nakyllar dogrusynda giňişleýin düşündiriş berdiler we ata-babalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten atalar sözüniň, nakyllaryň ýaşlary watansöýüji ruhda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigini belläp geçdiler. Söhbediniň soňunda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy …

Metbugat gullugy