Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik eseriniň XVII-nji tomunyň rus dilindäki neşirine syn geçirdi.
Bu kitaphana synynda ýurdumyzyň gözel tebigatynyň jana melhem dermanlyk ösümlikleriniň saklanylyşy, kesellere garşy melhemlik taýýarlanylyşy, ulanylyşy barada täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik eseriniň dowamly ýazylýandygy okyjylary has hem begendirdi.
Kitap synyny diňlemäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň …