Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVIII tomy boýunça söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVIII tomy boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

  Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII tomynyň halkymyza gowuşmagy biziň hemmämiz üçin  ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. 

    Öz bilişimiz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanmyzyň juda baý ösümlik dünýäsi şeýle hem şeýle ajaýyp tebigaty bar. Şu günki söhbetdeşlikde çykyş edenler öz söhbetleriniň başyny bular hakynda nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII tomynyň many-mazmuny hakynda şeýle gyzykly söhbet etdiler.Türkmen topragymyzda bitýän köp dürli ösümlik dünýäsiniň her haýsynyň özüniň dermanlyk häsiýetleri bar.Bular hakynda alym hem lukman Arkadagymyz bu ensiklopedik kitabyň her tomunda aýratynlykda aýdyp geçýär.

 Söhbetdeşligiň dowamynda “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň …

Metbugat gullugy