Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp täze kitabyndan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler, golaýda halkymyza gowşan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly gymmatly kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Öz bilişimiz ýaly,şu ýylyň sentýabr aýynyň 2-ne, “Bilimler we talyp ýaşlar gününe” bagyşlap Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde talyp ýaşlar we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda umumy sapak geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu geçiren okuw sapagy “Watançylyk taglymaty” ady bilen kitap edilip tiz wagtda okyjylarmyza ýetirildi.Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabynda biziň şu ajaýyp döwrümiziň ýaşlary üçin döwlet derejesinde edilýän atalyk aladalar, olaryň ylymdan-bilimden paý alyp, özlerinde ilhalar iň ýagşy häsiýetleri terbiýeleýän, watansöýüji, zähmetsöýer, adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Biziň häzirki ýaşlarymyz özlerinde iň gowy häsiýetleri terbiýeläp, biziň ata-baba pederlerimizden gelýän ýol-ýörelgeleri özlerine sapak edinýäler. Olar kitaby söýmek, köp okamak , dürli dilleri öwrenmek özlerinde iň ýagşy häsiýetleri terbiýeleýän gujurly, gaýratly, ruhubelent, kämil ýaşlardyr.Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly bu kitabynda bular hakynda olaryň terbiýesi hakynda jikme-jik gürrüň berilýär.Bu kitap biziň ýaşlarymyzyň mydama ýan kitaby bolmak bilen, uly durmuş mekdebine öwrüler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk …