“Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynda Magtymguly Pyragy hakynda” atly söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynda Magtymguly Pyragy hakynda” atly  söhbetdeşlik geçirildi.

    Çykyş edenler Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly,ynsan kalbynyň öçmejek nurydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasy diýseň belentden tutulýar.Gahryman Arkadagymyz beýik  akyldarymyza bagyşlap ýazan “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”,”Mertler Watany beýgeldýär”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy”, “Paýhas çeşmesi”,Hakyda Göwheri”,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary”  ýaly gymmatly kitaplary türkmeniň beýik akyldar ogluna goýýan hormatynyň çäksizdigini aýan edýär diýip,uly buýsanç bilen nygtadylar.    

   Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ,ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman …

Metbugat gullugy