“Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz”

Image description

             Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet            kitaphanasynda “Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň  doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

Döredijilik adamlarynyň goşa ömri bolýar. Birinjisi, olaryň özleri bar mahaly, ýaşan ömürleri, ikinjisi,  dünýeden ötensoňlar il arasynda döreden eserleriniň ýaşamagy, olaryň ýagşylykda ýatlanylmagydyr.

 Türkmen  medeniýetiniň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz  milli mirasymyzy öwrenmäge, halypalary hatyralamaga giň ýol açdy, halypa-şägirtlik ýoly gaýtadan dikeldildi. Ine şu asylly ýörelgeden ugur alyp, Sungat bölüminde  “Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň  doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.

           Türkmen operasy diýlende Maýa Kulyýewa,  Maýa Kulyýewa diýlende bolsa türkmen operasy göz öňüňe gelýär. Maýa Kulyýewa sözüň doly manysynda türkmen sungaty üçin ägirt uly hyzmatlary bitiren we öz zähmetiniň rehnetini gören  ynsan.        Muny      Türkmen halkynyň Milli Lideri   Gurbanguly Berdimuhamedow:  “Uly  meşhurlyga eýe bolan, görnükli  sungat   ussatlarymyza    aýratyn hormat goýmak däbi  Garaşsyzlyk ýyllary içinde has-da                              rowaçlandy.   Munuň  şeýledigine  bütin  manyly  ömrüni milli   sungatymyzyň  ösmegine  bagyş  eden, belli  opera  aýdymçysy,  Türkmenistanyň halk  artisti   Maýa Kulyýewa  Türkmenistanyň   Gahrymany  diýen belent adyň dakylmagy aýdyň şaýatlyk edýär” diýen jümleleri subut edýär

Döredijilik agşamynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny göterýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary, talyp ýaşlary we halypanyň şägirtleri täsirli çykyşlary etdiler.Çäräniň  dowamynda aň-bilim bäsleşigi gurnalyp, oňa “Ýagşygeldi Kakaýew” adyndaky Halkara nebit we gaz Uniwersitetiniň talyplary, Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň, Türkmen Döwlet medeniýet Institutynyň talyplary we okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Myhmanlaryň çykyşlary, bäsleşigi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşikde üstünlikli çykyş edenlere sowgatlar gowşyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarmyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Halklaryň arasynda dostluk  köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarnyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.                      

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gahryman hem mähriban …

Metbugat gullugy