“Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly sergi

Image description

“Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň  doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy

           Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan “Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň döredijiligine  bagyşlap sergi guraldy.

           Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman  Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda   Watanymyzyň gülläp ösmegine  mynasyp  goşant goşýan her bir ynsan  çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, aramyzdan giden ussatlarymyz apalanýar, sarpalanýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hem bu işleri dowam etdirmek maksady bilen  Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany  Maýa Kulyýewanyň  “Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly döredijilik agşamy mynasybetli Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy. Sergide sungat ussadynyň döredijiligi hakda gürrüň berýän edebiýatlar, döwürleýin neşirler, onuň oýnan kinifilmleriniň diskleri we bölümiň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň  doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan  ”Sungat äleminde” atly tapgyrlaýyn usuly gollanmalar goýuldy.  

            Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly  işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gahryman hem mähriban …

Metbugat gullugy