“Galkynyşly eýýam” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Türkmen döwlet maliýe instituty bilen bilelikde “Galkynyşly eýýam” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary bilen baýlaşdyrylan. Bu eserlerde halkymyzyň geçmişi, milli mirasy, şu günki ýeten sepgitleri we geljege bolan maksatlary öz beýanyny tapýar. Olary talyp ýaşlara tanyşdyrmak bilen, ýaşlarymyzyň taryhymyzy çuňňur öwrenmegini, milli gymmatlyklarymyzyň gadyr – gymmatyna düşünmegini gazanmak isleýäris.
Halkymyzyň abadan durmuşy, ýaşlaryň röwşen geljegi ugrunda edýän aladalary, medeniýetimize we kitaphana işine berýän goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem–de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem–de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Galkynyşly eýýam” ady …