“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz , baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda täze ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi hakynda, şeýle hem şygarda bedewiň türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýändigini belläp geçdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2026-njy ýylyň nyşany hem ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz, baky Bitarap …