”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda  Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

     Baýramçylyk dabarasyna dürli kärdäki zähmet çekýän zenanlar, ak saçly enelerimiz şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlarymyz  gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at- myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň toý- baýramlara beslenýändigini nygtamak bilen , Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramyny tüýs ýürekden gutladylar. Soňra olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban enelerimize, zenanlarymyza döwlet derejesinde örän uly sarpa goýulýandygy, olara dürli ýeňillikleriň  berilýändigi, sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelerimize “Zenan kalby” ordeniniň gowşurylmagy, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna şeýle hem mekdep okuwçylaryna, çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Ýazyjy-şahyrlarymyz dabara gatnaşyjylara özleriniň enelerimizi wasp edýan goşgularyndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri hem-de zenan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplaryndan “Beýik döwrümiziň buýsançly zenanlary” ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Aýdymçylar we sazandalar özleriniň  ajaýyp aýdym-sazlary bilen dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdylar.

  Baýramçylyk dabaranyň ahyrynda çykyş edenler   şeýle ajaýyplyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Garaşsyz baky Bitarap …

Metbugat gullugy