“Garaşsyz hem baky Bitarap Watan” atly sergi gurnaldy

Image description

“Garaşsyz hem baky Bitarap Watan” atly sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň kitaphanaçylary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda edýän aladalaryndan ugur alyp, “Garaşsyz hem baky Bitarap Watan” ady bilen sergi gurnadylar. Kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, şanly Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy gazananymyzdan soňky ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän neşir önümleri we birnäçe okuw kitaplary, çeper edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi okyjylarymyz hem-de okuwlaryndan daşary öz bilimlerini artdyrmaga gelýän talyp ýaşlarymyz, mekdep okuwçylarymyz üçin örän täsirli boldy.   

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz hem baky …

Metbugat gullugy