Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýazgy edildi

Image description

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda ”Altyn asyr” teleýaýlymy döredijilik işgärleri we kitaphanaçylar bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýazgy etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň el-ele berip agzybirligi bilen parahatçylyk ýolunda Türkmen döwletiniň täze röwşen keşbini, täze abadan durmuşyny, eziz ýurdumyzy dünýä ýüzüne tanadandygyny uly buýsanç bilen söhbet etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 …

Metbugat gullugy