Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Independence day” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Independence day” atly kitap sergisi gurnaldy.

Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Independence day” ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Sergide Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp kitaplar ýerleşdirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr.

Biz ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny il- ýurt  bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Garaşsyzlygyň şanly 35 …

Metbugat gullugy