Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen bilelikde ýurdumyzda uludan toýlanjak şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Hünärmenler öz çykyşlarynda geçilen ýola nazar aýlap gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri, şeýle hem her ulgamyň bu baýramçylyga zähmet sowgatlary bilen barşy ýaly Döwlet kitaphanasynda hem ýerine ýetiriljek işler, gurnaljak göçme sergiler, söhbetdeşlikler dogrusynda çykyş etdiler.Kitaphanaçylar çykyşlarynyň ahyrynda ähli türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Halk maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi we şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutladylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Garaşsyzlygyň şanly 35 …