“Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

   Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan uly ösüşleriň we özgerşikleriň beýik ýoluny geçýär. Bu günki gün ýurdymyzyň  her bir künjeginde boý alýan binagärlik gözellikleri, giň gerimli gurluşyklar we özbaşdaklygymyzyň berk binasy janlanýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabat dünýäde deňi taýy bolmadyk binagärlik sungaty we ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji “Akylly” şäheri bolup, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we ekologik arassalygyň aýdyň nusgasydyr. Beýik gurluşyklar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ähli welaýatlarymyzda täze obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler,çagalar baglary, keselhanalar we senagat kärhanalary gurulýar. 2026-njy “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda açyljak täze gurluşyk binalary barada söhbetdeşlige gatnaşanlar gürrüň etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Watany boýdan-başa özgerdýän, gurluşyk ulgamyny täze belentliklere göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň …

Metbugat gullugy