“Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki  edebiýatlar bölümi we Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ygtyýarlandyrylyş we hile gözegçilik merkezi bilelikde “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan uly ösüşleriň we özgerişleriň beýik ýoluny geçýär. Bu günki gün ýurdumyzyň  her bir künjeginde boý alýan binagärlik gözellikleri, giň gerimli gurluşyklary we özbaşdaklygymyzyň berk binasy janlanýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabat dünýäde deňi-taýy bolmadyk binagärlik sungaty we ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji “Akylly” şäheri bolup, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we ekologik arassalygyň aýdyň nusgasydyr. Beýik gurluşyklar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ähli welaýatlarymyzda täze obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, keselhanalar we senagat kärhanalary gurulyp ulanylmaga berilýär. Söhbetdeşlige gatnaşan hünärmenler şular dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň soňunda ýurdumyzy boýdan-başa özgerdýän, gurluşyk ulgamyny täze belentliklere göterýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň …

Metbugat gullugy