“Garaşsyzlyk-Berkararlyk täjimiz” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Garaşsyzlyk-Berkararlyk täjimiz”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlap özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen bu ýylda ata Watanymyzyň şöhratyny arşa göterýän-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy uludan toýlanýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan-bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybirligini, özbaşdaklygyny, ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesiniň üpjün etmeklik barada gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk-Berkararlyk täjimiz” atly …