“Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz” atly söhbetdeşlik

Image description

“Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz” atly söhbetdeşlik.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz” atly söhbetdeşlik geçirdi.“Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Şu ýyl Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyny uly ruhybelentlik bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk – milli buýsanjymyz, bagtymyz ata- babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz ” atly kitabynda hem Garaşsyzlygyň halkymyzyň ykbalyndaky orny, milli agzybirligimiziň we jebisligimiziň ähmiýeti çuňňur many – mazmun bilen açylyp görkezilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy – halkymyzyň agzybirliginiň, milli jebisliginiň, parahatçylygynyň hem- de ata Watana bolan beýik söýgüsiniň dabaralanmasydyr”. Ine şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar buýsanç bilen gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il- ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk – buýsanjymyz …

Metbugat gullugy