Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Garaşsyzlyk güni” atly kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz , hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere , şanly wakalara beslenýär. Ýurdymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýylsaýyn ösüşlerden - ösüşlere tarap ynamly öňe barýar , durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli dowam etdirilýär.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak , tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Garaşsyzlyk güni