“Garaşsyzlyk mukamy – ýüreklere ylham, kalplara galkynyş” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Garaşsyzlyk mukamy – ýüreklere ylham, kalplara galkynyş” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnady. Dünýä ýüzünde ady arşa göterilip, abraý-mertebesi, şöhraty dünýä ýaň salýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly baýramçylyk uly şatlyk-şowhun bilen dabaraly bellenilip geçilýär. Şeýle şanly baýramçylyklaryň biri hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk günüdir. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ýürek arzuwyna, diliniň senasyna öwrülen garaşsyzlyk, erkinlik, özbaşdaklyk, berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary hasyl bolup, maksada ýetildi. Garaşsyzlyk halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň bagtydyr, göterilen ykbalydyr, ýüzlerçe ýyllara ýaň salan göwün islegidir. Biziň halkymyz indi 35 ýyl bäri Garaşsyzlygyň hözirini görüp, bagtyýar döwürde, paýhas eýesi, akyldar şahyrymyz beýik Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin” diýip, köňlünde beslän isleg-arzuwynyň amala aşan ajap eýýamynda erkana durmuşda ýaşalýanlygy barada söhbetdeşlikde çykyş edenler gürrüň etdiler. Şular ýaly ajaýyp döwri peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan beýlägem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk mukamy – …