“Garaşsyzlyk Watanymyzyň şöhraty” atly Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyzlyk Watanymyzyň şöhraty” atly Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnadylar.Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, gurluşyk ulgamyna şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna degişli edebiýatlar ýerleşdirildi. Garaşsyzlyk milli buýsanjymyz, ata Watanymyzyň şan-şöhraty we bagtyýar geljegimiziň beýik binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna düşüp, syýasy, ykdysady hem-de medeni-ruhy ulgamlarda uly sepgitlere ýetdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz ykbalyna öz eli bilen gurmaga, baý taryhy we medeni mirasyny dikeltmäge doly mümkinçilik berdi. Parahatçylyk, agzybirlik we Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzyň halkara meýdançasyndaky mertebesini hem-de abadanlygyny üpjün edýän baş ýörelgedir. Garaşsyzlygyň beren ruhy kuwwaty ýaş nesliň ylymly-bilimli, watansöýüji we zähmetsöýer bolup ýetişmegine giň şertleri döredilýändigi barada sergä gatnaşan Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen gurnalan sergide giňden gürrüň berildi. Sergide kitaphana işgärleri bilen talyplar sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk Watanymyzyň şöhraty” …