“Garaşsyzlyk we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Döwlet kadalaşdyrylyşynyň tejribesi” atly kitap sergisi.

Image description

Bu  kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we ykdysady ösüşler barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan durnukly ösüş üçin ähli mümkinçilikleri we ýeterli serişdeleri bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyz durmuş-ykdysady  we ekologik taýdan durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply , wajyp geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy bolan, mineral-çig maliýe ýer-suw serişdeleri bilen ýeterli derejede üpjün edilen, ulag-kommunikasiýa, şeýle hem umumy maksatly önümçilik-infrastruktura ulgamlarynyň, köpugurly senagat toplumlarynyň we sebitleriň öndüriji güýçleriniň amatly ýerleşen ýurdy hökmünde tanalýar. Sergä gatnaşyjylar  Gahryman Arkadagymyza. Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk we Türkmenistanyň …

Metbugat gullugy