“Garaşsyzlyk–Bagtymyzyň gözbaşy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi we Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk–Bagtymyzyň gözbaşy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Seýrek neşirler bölümi we Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk–bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk–bagtymyzyň binýady” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda bellenip geçilýän Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýylynda ýetilen sepgitler gazanan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Baýramçylyk dabarasynda gurnalan sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de Şanly Garaşsyzlygyň 35ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan  sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

  Dabara gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk–Bagtymyzyň gözbaşy” atly …

Metbugat gullugy