“Garaşsyzlyk–berkararlyk binýady” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri we Bibliografiýa bölümleri Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk–berkararlyk binýady” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda kitaphanalaryň baý gaznasyndan Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk–berkararlyk binýady” göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary öz mynasyp ornyny tapdy. Kitap sergisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän başga-da birnäçe ýazyjy şahyrlaryň kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk–berkararlyk binýady” atly …